2023, beýannama, iňlis dilinden terjime
O’Shae Sibley-niň öldürilmegi bilen baglanyşykly beýannama
QARAVAN 29-njy iýulda Midwood-daky ýangyç guýulýan stansiýada öldürilen 28 ýaşly gara derili kwir tansçy O’Shae Sibley-niň ölümine gynanýar. Bu agyryny tutuş jemagat paýlaşýar.
Soňky habarlara görä, bu ýigrenç jenaýatynyň aňyrsynda rus immigrantlarynyň ogly Dmitry Popov dur. Bu köpden bäri dowam edýän meseläni ýene bir gezek nygtaýar: LGBTQ+ jemagatyna bolan aç-açan ýigrenç we rasa taýdan bir taraplaýyn garaýyşlar rus dilli diasporada, esasan hem öldürilişiň bolan ýeri Günorta Brooklynda ýaşap gelýär.
Biz öňki Sowet Soýuzy ýurtlaryndan gelen immigrantlar bilen işleýän esasy LGBTQ+ guramasy, olar bolsa köplenç Brighton Beach-de we goňşy etraplarda ýerleşýärler. Şonuň üçin bu etraplaryň biziň ýalylar üçin näderejede howpludygyny eşidip däl, öz başymyzdan geçirip bilýäris. Biz gaýta-gaýta görýäris: imperiýa Russiýasynyň syýasy DNK-synyň bir bölegi bolan we şeýle bolmagynda galýan ýigrenç, bir taraplaýynlyk we çydamsyzlyk LGBTQIA+ adamlar üçin howpsuz hasaplanýan şäher bolan Nýu-Ýorkda hem jemagatymyzy zäherlemegini dowam etdirýär. Eger kimdir birine munuň hakykatdan hem ýigrenç jenaýatydygynyň subutnamasy gerek bolsa, Popov-yň mamasynyň Daily News gazetine aýdan sözlerini ýatlamak ýeterlik: «ol [Popov] geý ýa-da geý däl, düşünmeýär». Beýle aç-açan nadanlyk köplenç zorluga getirýär, bu ýagdaýda hem şeýle boldy.
Ýyllyk Brighton Beach Pride — Brooklynyň rus dilli etraplarynda LGBTQ+ jemagatyna bolan nadanlyga, görünmezlige, kemsidilmä, duşmançylyga we zorluga biziň jogabymyz. Şeýdip biz agzybirligimizi we durnuklylygymyzy görkezýäris. Biz ony eýýäm 7 ýyl bäri geçirýäris, onuň zerurlygynyň sebäpleri bolsa kän bir üýtgemedi.
Bu meseläni bu etraba wekilçilik edýän rus dilli respublikançy syýasatçylar has-da agyrlaşdyrýar. Geçen aý ştat Assambleýasynyň agzasy Alec Brook-Krasny praýd-paradlaryň çagalary «seksuallaşdyrýandygy» barada gomofob sözler aýtdy, şeýle hem Nýu-Ýorky transgender ýaşlar üçin gaçybatalga ştatyna öwürjek Nýu-Ýork ştatynyň Assambleýasyndaky kanun taslamasyna garşy çykyş etdi. Şäher geňeşiniň agzasy Inna Vernikov hem Brighton Beach-iň ýaşaýjylaryna iberilen saýlaw materiallarynda «sportda adalatlylyk» ýaly transfob şablonlary ulandy. Gay City News üçin teswirde Vernikov öldürilişiň faktlarynyň «heniz anyklanýandygyny» gaharlandyryjy görnüşde aýtdy we bu waka barada mundan beýläk beýanat bermekden ýüz öwürdi. Beýleki rus dilli respublikançy syýasatçylar Ari Kagan we Michael Novakhov hem bu öldürilişe dymýarlar, ikisi hem Günorta Brooklyna wekilçilik edýändigine we saýlaw kampaniýalaryny jenaýatçylyk we jemgyýetçilik howpsuzlygy temasynda gurýandygyna garamazdan. «Kanuny we tertibi» wagyz edýän syýasatçylar öz okrugynda bolan rehimsiz öldürilişe dymýarlar, sebäbi olar diňe bir şärik däl: olar hakykatda LGBTQIA+ adamlara çydamsyzlygy höweslendirýärler, sebäbi bu olara kwir adamlara garşy öňünden ýazgaryjy garaýyşlary nesilden-nesle geçýän saýlawçylaryň şol böleginiň seslerini almaga kömek edýär.
QARAVAN kwir immigrantlaryň jemagaty hökmünde rus dilli diasporany, ilkinji nobatda saýlanan syýasatçylary — Vernikov, Brook-Krasny, Kagan, Novakhov we beýlekileri — umumy öýümiziň köçelerinde hiç bir günäsi ýok kwir adamlary öldürýän gomofobiýadan we transfobiýadan hiç hili ikirjiňlenmän ýüz öwürmäge çagyrýar. Biz liderlerimizden jemgyýetçilik münberlerini ulanyp, parahatçylyk, söýgi we kabul etmek ugrunda çykyş etmeklerini talap edýäris.
Biz her bir adamyň özüne ynamly we howpsuz duýmagy ugrunda göreşi dowam etdireris we her kimiň «ýaşamak, azatlyk we bagta ymtylmak» hukugyny goraris. Biz O’Shae Sibley-ni söýen we tanan ähli adamlara iň çuňňur gynanjymyzy bildirýäris.