qaravan
Haýyr-sahawat

23 aprel 2025, bildiriş, iňlis dilinden terjime

Indi biz QARAVAN

QARAVAN ady hereket, durnuklylyk we jemagatymyzyň agzalarynyň umumy tejribesi barada. Täze at biziň ýörelgämizi görkezýär: biz hemmeler üçin açyk. Jemagatymyz hemişe dürli ýurtlardan, dillerden we milletlerden bolan adamlary birleşdirip geldi, biz guramanyň adynyň şu dürlülige hormat goýmagyny isleýäris.

«Meniň üçin QARAVAN ady ýakyn jemagatyň, saýlanan maşgalanyň we özara goldawyň täze ýurduň bir bölegi bolmak ýoluny bile geçýän LGBTQA+ immigrantlar üçin näderejede möhümdigini nygtaýar», — diýip, QARAVAN-yň esaslandyryjysy we direktorlar geňeşiniň başlygy Yelena Goltsman aýtdy.

«Biziň missiýamyz — öz watanynda yzarlanma we kemsidilme bilen ýüzbe-ýüz bolýan ähli LGBTQ+ immigrantlary kabul etmek. QARAVAN — täze durmuşda howpsuzlygy, goldawy we doly özüň bolmak azatlygyny gözleýänler üçin giňişlik. Biz umyt berýäris, azatlyga ýol görkezýäris we muňa juda mätäç LGBTQ+ adamlary mähir we raýdaşlyk bilen gujaklaýarys», — diýip, QARAVAN jemagatynyň agzasy we meýletinçi Igor Savin aýtdy.

Adyň üýtgemegi guramamyzyň ýolunda möhüm tapgyr: biz öňküsi ýaly ýagty we haýran galdyryjy derejede dürli jemagatymyz üçin örän möhüm daýanç bolup galýarys. Eýýäm 17 ýyldyr biz Nýu-Ýorkda we onuň çäklerinden daşarda 15 000-den gowrak LGBTQ+ immigrant üçin gaçybatalga döredýäris: howpsuz ýerleri, deň-duşlaryň goldawyny, gyssagly kömegi we iň zerur zatlary berýäris. Täze at bilen, QARAVAN ady bilen, biz bu işi dowam etdireris.

Ýolumyz dowam edýär. Biz bilen bile ýöräň!